Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:36

[1] Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesih e bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň.

[2] Aýdaly, siziň ýygnagyňyza altyn ýüzük dakynyp, nepis eşikler geýnen baý adam bilen köne-sana geýnen garyp adam gelipdir.

[3] Siz baý adama hormat goýup: «Geliň, töre geçiň» diýseňiz, emma garyba: «Sen ol ýerde dur» ýa-da «Bu ýerde, aýak astynda otur» diýseňiz,

[4] bu siziň tarapgöýlik etdigiňiz bolmazmy? Eger şeýle etseňiz, erbet pikirli kazylara meňzärsiňiz.

[5] Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?

[6] Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?

[7] Siziň degişli bolan Hudaýyňyzyň beýik adyna dil ýetirýänler hem baýlar dälmi näme?

[8] Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.

[9] Emma adamlara tarapgöýlik edýän bolsaňyz, günä edýänsiňiz we Mukaddes Kanunyň öňünde kanuny bozan hasaplanýansyňyz.

[10] Kimde-kim kanunyň hemme parzlaryny berjaý edip-de, diňe bir zatda günä etse, tutuş kanuny bozan hasaplanýandyr.

[11] Sebäbi «Zyna etme» diýen Hudaý «Adam öldürme» hem diýendir. Eger siz zyna etmeseňiz, emma adam öldürseňiz, kanuny bozan jenaýatkär bolýansyňyz.

[12] Şonuň üçin hem, her bir gepiňiz we hereketiňiz azatlyk berýän kanun boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun.

[13] Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.

[14] Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?!

[15] Pikir edip görüň, imanly erkek ýa-da aýal doganyňyzyň biri aç-ýalaňaç bolsa,

[16] siz oňa iýmit, geýim bermän, diňe: «Sag-aman bar, daşyňyň ýylap, garnyňyň doýmagyny dileýärin» diýseňiz, bu sözüňiz oňa nämä derkar?

[17] Iman babatda hem şeýledir, eger iş ýüzünde görkezilmese, ol öz-özünden ölüdir.

[18] Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!

[19] Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.

[20] Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny bileňokmy?

[21] Atamyz Ybraýym gurbanlyk sypasynda öz ogly Yshagy hödürlemek bilen aklanmadymy eýsem?

[22] Seret, onuň imany bilen amallary birlikde hereket etdi we imany şu amalda kämil boldy.

[23] Şeýlelik bilen, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýen söz amala aşdy. Ybraýym Hudaýyň dosty diýip atlandyryldy.

[24] Gördüňmi, ynsan diňe bir iman bilen däl, eýsem, eden işleri arkaly hem aklanýandyr.

[25] Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.

[26] Edil jansyz bedeniň öli bolşy ýaly, amalsyz iman hem ölüdir.

Ýakup — Chapters