Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:33

[1] Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesih iň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!

[2] Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň.

[3] Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz.

[4] Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz.

[5] Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.

[6] Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr.

[7] Şeýle adam Rebden bir zat alaryn öýtmesin.

[8] Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.

[9] Pukara dogan Hudaýyň nazarynda özüniň baýlygy bilen buýsansyn.

[10] Baý bolsa Hudaýyň nazarynda özüniň pespälligi bilen buýsansyn. Çünki baýlyk otuň güli deý solup gider.

[11] Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.

[12] Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.

[13] Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir.

[14] Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir.

[15] Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.

[16] Eziz doganlar, aldanmaň!

[17] Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.

[18] Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.

[19] Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.

[20] Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez.

[21] Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.

[22] Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.

[23] Kim sözi diňläp, ony berjaý etmeýän bolsa, ol aýnada ýüzüni görýän adam ýalydyr.

[24] Ol özüni synlap gidenden soň, şobada nähilidigini ýatdan çykarýar.

[25] Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar.

[26] Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.

[27] Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.

Ýakup — Chapters