Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:07

[1] Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.

[2] Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.

[3] Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.

[4] Bu syry bolmalysy ýaly aýdyň beýan etmegim üçin dileg ediň.

[5] Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.

[6] Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.

[7] Rebbiň sadyk hyzmatkäri bolan söýgüli işdeşimiz hem doganymyz Tihik men hakda size ähli zady habar berer.

[8] Ýagdaýymyz barada habar bermek we sizi ruhlandyrmak üçin men ony siziň ýanyňyza iberdim.

[9] Onuň bilen bile ýanyňyza öz şäheriňizden bolan, sadyk we söýgüli doganymyz Onesim-de barar. Olar size bu ýerde bolup geçýän ähli wakalary gürrüň bererler.

[10] Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.

[11] Ýustus lakamly Ýeşuwa hem size salam aýdýar. Hudaýyň Şalygy ugrunda zähmet çekýän ýahudy işdeşlerim diňe şulardyr. Olar maňa teselli berip gelýärler.

[12] Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.

[13] Onuň siziň üçin, şeýle-de Laodikiýadaky we Iýerapolisdäki imanlylar üçin arman-ýadaman zähmet çekýändigine men şaýatdyryn.

[14] Söýgüli dostumyz lukman Luka bilen Dema hem size salam ýollaýar.

[15] Laodikiýadaky doganlara, Nimfa uýamyza we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň.

[16] Şu hat araňyzda okalandan soň, ony Laodikiýadaky imanlylar ýygnagynda hem okadyň. Siz hem Laodikiýadan gelen haty okaň.

[17] Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň.

[18] Men Pawlus bu salamy öz elim bilen ýazýaryn. Meniň tussaglykdadygymy ýatdan çykarmaň. Hudaýyň merhemeti size ýar bolsun!

Kolosiýalylar — Chapters