[1] Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.
[2] Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň.
[3] Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
[4] Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.
[5] Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.
[6] Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.
[7] Siz hem birwagtlar bularyň arasynda ýaşanyňyzda şeýle edipdiňiz.
[8] Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn.
[9] Biri-biriňize ýalan sözlemäň, sebäbi siz köne ýaradylyşyňyzy köne urp-adatlary bilen birlikde çykaryp zyňdyňyz.
[10] Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň.
[11] Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.
[12] Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.
[13] Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
[14] Bularyň hemmesiniň üstesine-de kämil birligi baglanyşdyrýan söýgä besleniň.
[15] Kalbyňyzda Mesih iň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.
[16] Goý, Mesih iň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.
[17] Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.
[18] Eý, aýallar, äriňize tabyn boluň, çünki şeýle etmek Rebbe degişli adamlara ýaraşýandyr.
[19] Eý, ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz daramaň.
[20] Eý, çagalar, ähli işde ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu Rebbi hoşnut edýär.
[21] Eý, atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, ýogsam, olar ruhdan düşerler.
[22] Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň.
[23] Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň.
[24] Munuň üçin Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilýänsiňiz. Siz Reb Mesih e gulluk edýänsiňiz.
[25] Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.