[1] Dat günüňize, eý, Sionda asuda ýaşaýanlar, Samariýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!
[2] Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
[3] Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!
[4] Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!
[5] Özlerini Dawut ýaly saýyp, saz gurallaryny oýlap tapýanlar, arfanyň owazyna aýdym aýdýanlar,
[6] şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!
[7] Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler, kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.
[8] Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.
[9] Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler.
[10] Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.
[11] Ine, Reb şeýle buýurýar: «Uly jaýlar toza, kiçi jaýlar küle dönsün.
[12] Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.
[13] Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.
[14] Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky, saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak. Olar Lebohamatdan Araba düzlügine çenli seni ezerler». Muny Reb Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.