[1] Eý, ysraýyl halky, sen hakdaky aýtjak bu agy sözüme gulak as.
[2] Ysraýyl gyzy ýykyldy, indi ol hiç haçan galmaz, öz topragynda süýnüp ýatyr, hiç kim oňa ýardam bermez.
[3] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bir şäherden Ysraýyl üçin söweşe çykan müň adamdan ýüz adam aman galar, beýleki birinden diňe ýüzden onusy aman galar».
[4] Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär: «Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!
[5] Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar».
[6] Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.
[7] Adalaty ajylyga öwrenler! Dogruçyllygy ýere çalanlar!
[8] Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.
[9] Ol güýçlüleri şol bada heläk eder, galalaryny-da weýran eder.
[10] Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.
[11] Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.
[12] Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.
[13] Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr.
[14] Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň, şonda siz ýaşarsyňyz. Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar.
[15] Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.
[16] Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.
[17] Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler, çünki siziň araňyzdan Men geçerin». Muny Reb aýdýandyr.
[18] Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.
[19] Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.
[20] Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir? Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?
[21] Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.
[22] Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.
[23] Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň! Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.
[24] Goý, adalatlyk derýa kimin joşsun, dogruçyllyk baky çeşme ýaly aksyn.
[25] Eý, ysraýyl halky, Maňa çölde kyrk ýyllap gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?
[26] Siz patyşaňyz Sakudy we ýyldyz hudaýyňyz Kiýuny – özüňiz üçin ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz.
[27] Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.