[1] Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesih iň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn:
[2] pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.
[3] Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.
[4] Olar hakykata gulak asman, toslamalaryň yzynda selpärler.
[5] Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir.
[6] Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi.
[7] Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.
[8] Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.
[9] Meniň ýanyma basymrak geljek bol,
[10] sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.
[11] Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger.
[12] Tihiki bolsa Efese ýolladym.
[13] Gaýdanyňda, ýol ugruna Troasda Karbyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplarymy, ylaýta-da teletinden edilen kitaplary alyp gaýt.
[14] Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.
[15] Sen hem ondan ägä bol, sebäbi ol biziň aýdýanlarymyzyň baryna bütinleý garşy çykypdy.
[16] Kazyýet mejlisinde özümi ilkinji gezek aklamakçy bolanymda, tarapymy tutan bolmady. Gaýtam, hemmeler meni terk etdiler. Goý, Hudaý olaryň bu günäsini bagyşlasyn.
[17] Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.
[18] Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.
[19] Priskilla, Akila we Onisiforyň öýündäkilere salam aýt.
[20] Erast Korintosda galdy. Trofymy bolsa ýarawsyzlygy sebäpli Militosda galdyrmaly boldum.
[21] Gyş düşmänkä geljek bolup gaýrat et. Ewul, Pudens, Linus, Klawdiýa we imandaky doganlaryň bary saňa salam aýdýar.
[22] Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!