[1] Eý, oglum, ahyrky günlerde elhenç pursatlaryň boljakdygyny bilip goý.
[2] Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,
[3] doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,
[4] haýyn, göçgünli, gopbamsy bolup, keýpi-sapany Hudaýdan köp söýerler.
[5] Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.
[6] Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler.
[7] Bu aýallar hemişe öwrenmäge synanyşsalar-da, hakykat bilimine asla ýetip bilmeýärler.
[8] Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.
[9] Olar öz edýänlerinde ilerlemezler. Ýannis bilen Ýambrisiňki ýaly, olaryň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar.
[10] Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň.
[11] Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.
[12] Umuman, Isa Mesih e eýerip, Hudaýyň ýörelgesine laýyklykda ýaşamak isleýänleriň bary yzarlanmalara sezewar bolar.
[13] Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.
[14] Emma sen öz öwrenen we ynanýan taglymatyňa sadyk gal. Çünki ony kimlerden öwrenendigiňi bilýänsiň.
[15] Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesih e bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.
[16] Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.
[17] Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.