[1] Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi?
[2] Ýok! Biziň tanatma hatymyz sizsiňiz! Bu hat biziň ýüreklerimize ýazylandyr. Ol hemmelere mälimdir, ony hemmeler okap-da bilýär.
[3] Mesih iň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr.
[4] Bu babatda Mesih arkaly Hudaýyň huzurynda biziň şeýle ynamymyz bardyr.
[5] Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.
[6] Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.
[7] Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa,
[8] onda Hudaýa Mukaddes Ruh arkaly hyzmat etmekligiň şöhraty ondan parlak dälmidir?!
[9] Eger adamlary höküm edýän hyzmat şöhratly bolan bolsa, onda adamlary Hudaýyň nazarynda aklaýan hyzmatyň şöhraty ondan-da beýikdir.
[10] Çünki hemme zatdan beýik bolan şöhrat orta çykandan soň, ozalky şöhrat hiç bolup galdy.
[11] Eger wagtlaýyn hyzmat şeýle şöhratly bolsa, onda müdimilik hyzmat ondan gör-bak näçe şöhratlydyr!
[12] Biz şeýle umydymyz bolany üçin batyrgaýlyk bilen hereket edýäris.
[13] Biz Musa ýaly däldiris. Ol ysraýyl halky öçügsilenýän şöhratyň soňuny görmesin diýip ýüzüni basyrýardy.
[14] Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesih e iman edilende aýrylýar.
[15] Musanyň kitaby hatda biziň günlerimizde okalanda-da, bu perde olaryň ýüregini basyrýar.
[16] Ýöne Rebbe tarap öwrülenlerinde, bu perde syrylýar.
[17] Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir.
[18] Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.