[1] Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesih iň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,
[2] ýalbarýaryn: size baranymda, meni siziň bilen aýgytly we çürt-kesik gürleşmäge mejbur etmäň. Hawa, men özümizi bu dünýäniň ýörelgelerine görä gezýändir öýdýänler bilen şeýle gürleşip bilýärin. Ýöne özüňiz bilen şeýle gürleşmäge mejbur etmäň.
[3] Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň ýörelgeleri boýunça söweşmeýäris.
[4] Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.
[5] Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesih e tabyn edýäris.
[6] Siziň Isa Mesih e bütinleý tabyndygyňyza göz ýetirenimizde, her bitabynlyga jeza bermäge taýýardyrys.
[7] Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesih e degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesih e degişlidiris.
[8] Rebbiň bize beren ygtyýary babatda has köpräk öwnäýemde-de, utanmaryn. Sebäbi bu ygtyýar imanyňyzy ýumurmak üçin däl-de, ony berkitmek üçin berlendir.
[9] Ýöne sizi diňe öz hatlarym bilen gorkuzjak bolýarmykam öýtmäň.
[10] Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.
[11] Şeýle diýýän adamlar, goý, şuny bilip goýsunlar: biz uzakdakak öz hatlarymyzda nähili bolsak, siziň araňyzdakak hem şolar ýaly bolarys.
[12] Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk!
[13] Biz çendenaşa däl-de, Hudaýyň özümize bellän çäklerinde magtanýarys. Bu çäkleriň içine siz hem girýänsiňiz.
[14] Biz özümize bellenilen çäkden çykmaýarys. Eger size barmadyk bolsadyk, onda bellenen çäkden çykyp, çendenaşa magtandygymyz bolardy. Ýöne biz Isa Mesih iň Hoş Habaryny size-de ýetirdik ahyryn!
[15] Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris.
[16] Şonda biz siziň sebitleriňizden has uzaklarda-da Hoş Habary wagyz edip bileris. Sebäbi biz başganyň çäklerindäki taýýar işler bilen öwünmek islemeýäris.
[17] Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin!
[18] Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.