Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:30

[1] Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok.

[2] Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn.

[3] Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.

[4] Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn.

[5] Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris.

[6] Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň.

[7] Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar.

[8] Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.

[10] Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi.

[11] Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.

[12] Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň;

[13] edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň.

[14] Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.

[15] Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.

[16] Hemişe şatlanyň.

[17] Dyngysyz doga-dileg ediň.

[18] Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesih e degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.

[19] Mukaddes Ruhuň oduny söndürmäň.

[20] Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.

[21] Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.

[22] Her hili erbetlikden gaça duruň.

[23] Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.

[24] Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr.

[25] Doganlar, biziň üçin doga-dileg ediň.

[26] Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň.

[27] Bu haty doganlaryň baryna okap bermegi Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn.

[28] Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti size ýar bolsun!

1 Salonikliler — Chapters