Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:53

[1] Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.

[2] Size Reb Isanyň haýsy tabşyryklaryny berenimizi bilýärsiňiz ahyryn.

[3] Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň;

[4] her kes öz bedenine päklik we abraý bilen eýelik etsin,

[5] Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň;

[6] şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.

[7] Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.

[8] Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.

[9] Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn.

[10] Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.

[11] Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň.

[12] Şonda Mesih e iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.

[13] Eý, doganlar, siziň-de umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmezligiňiz üçin, merhumlar babatda bilmegiňizi isleýäris.

[14] Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesih e gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys.

[15] Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz – diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys.

[16] Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesih e gowşan merhumlar direler.

[17] Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys.

[18] Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.

1 Salonikliler — Chapters