[1] Nebadyň ogly Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýam Ýahuda patyşa boldy.
[2] Abyýam Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy.
[3] Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.
[4] Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi.
[5] Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.
[6] Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş Abyýamyň ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi.
[7] Abyýamyň galan işleri we ähli eden işleri Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
[8] Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy.
[9] Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Asa Ýahuda patyşa boldy.
[10] Asa Iýerusalimde kyrk bir ýyl patyşalyk etdi; onuň enesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy.
[11] Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
[12] Asa seždegähleriň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi.
[13] Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy.
[14] Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy.
[15] Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi.
[16] Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerine uruş etdiler.
[17] Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.
[18] Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.
[19] Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
[20] Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinneredi basyp aldy.
[21] Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy.
[22] Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi.
[23] Asanyň galan ähli işleri, onuň gaýduwsyz edermenlikleri, ähli eden işleri we berkiden galalary barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Gojalan çagynda, ol aýakdan dert çekdi.
[24] Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy.
[25] Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Nadap Ysraýyla patyşa boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.
[26] Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.
[27] Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar.
[28] Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy.
[29] Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.
[30] Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.
[31] Nadabyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
[32] Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerini urşup geçirdiler.
[33] Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Ahyýanyň ogly Bagşa Tirsada bütin Ysraýylyň üstünden patyşalyk edip, ýigrimi dört ýyl höküm sürdi.
[34] Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.