Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:28

[1] Şol wagtlarda Ýarobgamyň ogly Abyýa syrkawlady.

[2] Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobgamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy.

[3] Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».

[4] Ýarobgamyň aýaly şeýle-de etdi. Ol Şilo gidip, Ahyýanyň öýüne bardy. Ahyýa kördi, çünki gojalykdan ýaňa onuň gözleri çöňňelipdi.

[5] Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy. Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi.

[6] Emma ol aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýa onuň aýak sesini eşidip: «Eý, Ýarobgamyň aýaly, içeri giriber. Sen näme üçin nätanyş aýal bolan bolýarsyň? Mende seniň üçin gaty erbet habar bar.

[7] Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim.

[8] Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň.

[9] Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.

[10] Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.

[11] Ýarobgamyň nesilleriniň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer, çünki Reb şeýle diýdi“.

[12] Indi sen tur-da, öýüňe git. Sen gala aýak basan badyňa, ogluň öler.

[13] Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy.

[14] Reb Özi üçin Ysraýylyň üstünden bir patyşa goýar. Ol Ýarobgamyň neslini hut şu gün, edil şu pursatda ýok eder.

[15] Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler.

[16] Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».

[17] Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy.

[18] Bütin ysraýyl halky çagany jaýlap, onuň ýasyny tutdular. Şeýdip, Rebbiň Öz guly Ahyýa pygamber arkaly aýdan sözi amala aşdy.

[19] Ýarobgamyň galan işleri, onuň eden söweşleri we nähili patyşalyk edendigi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[20] Ýarobgam ýigrimi iki ýyl patyşalyk etdi. Ol ata-babalaryna gowuşdy. Onuň ýerine ogly Nadap patyşa boldy.

[21] Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady.

[22] Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebbiň gabanjaňlygyny oýardylar.

[23] Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.

[24] Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.

[25] Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi.

[26] Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.

[27] Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.

[28] Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary göterip getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.

[29] Rehabgamyň galan işleri we ähli eden işleri barada Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[30] Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.

[31] Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.

1 Patyşalar — Chapters