Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:52

[1] Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.

[2] Men Ewodiýa-da, Sintihä-de ýalbarýaryn: Rebbiň hatyrasyna ylalaşykly boluň.

[3] Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.

[4] Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!

[5] Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr.

[6] Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.

[7] Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.

[8] Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.

[9] Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy amal ediň. Şonda parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar.

[10] Ahyrsoňy men barada ýene-de alada edip başlanyňyza Rebde örän şatlandym. Siz ozal hem alada edýärdiňiz, ýöne muny görkezmäge mümkinçiligiňiz ýokdy.

[11] Men muny nämedir bir zada mätäç bolanym üçin aýtmaýaryn. Sebäbi her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrenendirin.

[12] Men mätäçligiň-de, bolelinligiň-de nämedigini bilýärin. Men doklukda ýa açlykda, bolelinlikde ýa mätäçlikde ýaşasam-da, garaz, her ýagdaýda we her halda kanagatly bolmagyň tärini öwrendim.

[13] Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.

[14] Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz.

[15] Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz.

[16] Siz hatda Saloniki şäherinde mätäçlik çeken döwrümde-de maňa gaýta-gaýta kömegiňizi ýetiripdiňiz.

[17] Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin.

[18] Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.

[19] Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesih e degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar.

[20] Atamyz Hudaýa ebedi we baky şöhrat bolsun! Omyn.

[21] Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolanlaryň baryna salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýarlar.

[22] Hudaýyň halkynyň ählisi, ylaýta-da imperatora hyzmat edýänler size salam aýdýarlar.

[23] Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti, goý, size ýar bolsun! Omyn.

Filipililer — Chapters