[1] Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.
[2] Diňe mährem garyndaşy, ýagny ejesi, kakasy, ogly, gyzy, dogany, şonuň ýaly-da, durmuşa çykmadyk uýasy ölen ýagdaýynda ol merhuma galtaşyp, özüni haram edip biler.
[4] Emma ruhany aýalynyň garyndaşlaryndan bolan merhum üçin özüni haram edip, öz adyna ysnat getirmesin.
[5] Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny we sakgallaryny gyrkyp timarlamasynlar, bedenlerine tyg çekmesinler.
[6] Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.
[7] Olar lola, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki ruhanylar Hudaýa bagyş edilendir.
[8] Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.
[9] Eger ruhanynyň gyzy loluçylyga baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn.
[10] Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn.
[11] Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.
[12] Baş ruhany mukaddes öýden daşa çykyp, öz Hudaýynyň mukaddes öýüni harlamasyn, çünki ol Hudaýynyň mesh ýagy guýlup mukaddes edildi. Men Rebdirin.
[13] Ol boý gyza öýlensin.
[14] -
[15] Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da loly aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly, diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“».
[16] Reb Musa şeýle diýdi:
[17] «Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin.
[18] -
[20] Şikesli bolan kör ýa-da agsak, ýüzi erbet şikesli ýa-da dogabitdi maýyp adam, aýagy ýa-da eli döwük, küýki ýa-da igli, gözi şikesli ýa-da gijilewük keselli, demrewli bolan ýa-da erkekligi bolmadyk adam gurbanlyk sypasyna ýakynlaşmasyn.
[21] Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn.
[22] Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.
[23] Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
[24] Ine, Musanyň Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýdan zatlary şulardan ybaratdyr.