[1] Şondan soň Reb uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi. Ýunus üç gije-gündizläp balygyň garnynda boldy.
[2] Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy.
[4] Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň.
[5] Şonda nazaryňdan kowuldym diýdim, ýa Reb, Seniň mukaddes ybadathanaňy ýene nädip görerin diýdim.
[6] Suw kekirdegime geldi. Ýesir düşdüm çuňluga. Başyma çolaşdy deňiz otlary.
[7] Indim daglaryň düýbüne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
[8] Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym. Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.
[9] Puç butlara sygynanlar öz wepalylygyny terk etdiler.
[10] Men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir».
[11] Reb balyga emr etdi. Balyk Ýunusy gury ýere gusdy.