Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:30

[1] Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.

[2] Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.

[3] Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr.

[4] Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar.

[5] Şonuň üçin Mesih hem Baş Ruhany bolmak üçin Özüni Özi şöhratlandyrmady. Tersine, Ony: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» diýip aýdan Hudaý şöhratlandyrdy.

[6] Başga bir ýerde bolsa: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň» diýip aýdýar.

[7] Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.

[8] Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi.

[9] Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.

[10] Şeýle hem, Hudaý Ony Mäliksadyk derejesindäki Baş Ruhany diýip yglan etdi.

[11] Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn.

[12] Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek!

[13] Süýt bilen iýmitlenýän agzyndan süýt ysy gitmedikdir. Ol ýagşy-ýamany heniz saýgarýan däldir.

[14] Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.

Ýewreýler — Chapters