Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:39

[1] Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.

[2] Mähriban dostum, ruhuňyň belent bolşy ýaly, ähli işleriň rowaçlansyn we janyň sag bolsun!

[3] Doganlar gelip, seniň sadyklyk bilen hakykata eýerip ýaşaýandygyňy habar berenlerinde, meniň şatlygymyň çägi bolmady.

[4] Meniň üçin perzentlerimiň hakykata eýerip ýaşaýandyklaryny eşitmekden uly şatlyk ýokdur.

[5] Eziz dostum, sen doganlara, hatda özüňiň tanamaýanlaryňa-da sadyklyk bilen hyzmat edýärsiň.

[6] Olar seniň mähirli söýgiň dogrusynda imanlylar ýygnagynyň öňünde şaýatlyk etdiler. Sen olary Hudaýa mynasyp usulda ýola salsaň, ýagşy iş edersiň.

[7] Olar Mesih iň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar we diňe imandaky doganlarynyň ýardamyna bil baglamagy karar etdiler.

[8] Biz hakykat ugrunda bile işlär ýaly, şeýle adamlary goldamaga borçludyrys.

[9] Men imanlylar ýygnagyna bir hat ýazypdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy halaýan Diýotref bizi kabul etmeýär.

[10] Şoňa görä-de, eger baraýsam, onuň etmişlerini paş ederin. Ol biz barada ýaramaz gep ýaýradyp, töhmet atýar. Munuň bilen hem çäklenmän, doganlary-da kabul etmeýär, kabul etjeklere-de päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar.

[11] Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.

[12] Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.

[13] Meniň saňa aýtmaly zatlarym köp, olaryň hemmesini ýazyp oturjak däl, baranymda hemmesini aýdaryn.

[14] Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.

[15] Sag-salamat bol! Dostlarymyz saňa salam ýollaýarlar. Ol ýerdäki dostlarymyzyň hemmesine atma-at salam aýt.