Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:36

[1] Eý, doganlar! Rebbiň Hoş Habary siziň araňyzda çalt ýaýrap, şöhratlandy. Ol beýleki ýerlerde-de şeýle bolar ýaly, biziň üçin doga-dileg ediň.

[2] Zalym, ýaman adamlardan gutulyp bilmegimiz üçin-de doga-dileg ediň. Çünki Rebbe adamlaryň hemmesi ynanýan däldir.

[3] Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar.

[4] Biziň buýranlarymyzy edýändigiňiz, geljekde-de etjekdigiňiz babatda Reb bizi ynandyrýar.

[5] Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesih e sadyk bolmaga gönükdirsin.

[6] Eý, doganlar, bikär gezip, biziň taglymatymyza görä ýaşamaýan her bir dogandan daş durmagy Rebbimiz Isa Mesih iň adyndan size buýurýarys.

[7] Biziň göreldämize nähili eýermelidigini özüňiz bilýänsiňiz. Biz siziň araňyzdakak, bikär gezmedik,

[8] hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik.

[9] Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik.

[10] Biz hatda siziň ýanyňyzdakak: «Kim işlemek islemeýän bolsa, damak-da iýmesin» diýip buýrupdyk.

[11] Emma biz araňyzda käbirleriňiziň bikär gezýändigini eşidýäris. Olar öz işleri bilen bolman, başgalaryň işine goşulýarlar.

[12] Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesih iň adyndan tabşyryp ýalbarýarys.

[13] Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.

[14] Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň.

[15] Ýöne ony duşman saýmaň, gaýtam bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.

[16] Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun!

[17] Men Pawlusdan size salam bolsun. Muny öz elim bilen ýazyp, her hatymy şeýdip tamamlaryn.

[18] Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, goý, siziň baryňyza ýar bolsun!

2 Salonikliler — Chapters