[1] Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.
[3] Siziň gözelligiňiz örülen saçlar, dakylan altynlar, owadan eşikler ýaly daşky görnüşden ybarat bolmasyn.
[4] Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.
[5] Öňki wagtlarda Hudaýa umyt baglap, ýüreklerini päk saklan aýallar hem özlerini şeýle bezeýärdiler, olar ärine tabyndylar.
[6] Mysal üçin, Sara Ybraýyma tabyn bolup, ony hojaýynym diýip atlandyrdy. Eger siz hem ýagşylyk edip, hiç bir howpdan gorkmasaňyz, Saranyň gyzlary bolarsyňyz.
[7] Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
[8] Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.
[9] Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.
[10] Çünki: «Döwran sürmegi isleýän bolsaň, ýagşy günleri görmekçi bolsaň, ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;
[11] ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, yzyndan galma.
[12] Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Ýöne Rebbiň ýüzi ýamanlyk edýänlere garşydyr».
[13] Ýagşylyk etmäge jan etseňiz, size kim ýamanlyk eder?
[14] Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.
[15] Emma Mesih e Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň.
[16] Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesih e degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.
[17] Eger Hudaýyň yradasy bilen ejir çekmeli bolsa, ýamanlyk edip ejir çekmekden ýagşylyk edip ejir çekmek has gowudyr.
[18] Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.
[19] Ol tussagdaky ruhlara baryp, wagyz etdi.
[20] Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.
[21] Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesih iň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.
[22] Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.